Lawrow Bilen Fidan Moskwada Duşuşar
Zaharowa, “Russiýanyň we Türkiýäniň daşary işler ministri ýakynda Moskwada duşuşar” diýdi.
2030015
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa, Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýakynda Moskwada duşuşjakdygyny aýtdy.
Zaharowa, rus habarlar gullugy TASS-a beren beýannamasynda, Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky ýokary derejeli duşuşyklar hakynda maglumat berdi.
Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Moskwa sapar guramagyna garaşylýandygyny aýdan Zaharowa, “Russiýanyň we Türkiýäniň daşary işler ministri ýakynda Moskwada duşuşar” diýdi.
Degişli Habarlar

ABŞ, Ukraina 175 Million Dollarlyk Goşmaça Harby Kömek Berer
Blinken, Kongres tassyklaman halatynda bu kömegiň soňky harby kömek bolup biljekdigini ýatlatdy.