Putin harbylara ýüzlenip çykyş etdi
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin rus harbylara ýüzlenip: "Hyzmatlaryňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin, men siziň bilen buýsanýaryn" diýip nygtady
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Kursk sebitindäki Ponyri şäherçesinde Sowýet goşunynyň Kursk söweşinde nasistlere garşy gazanan ýeňişiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada söz sözledi.
Kursk söweşiniň takmynan 2 aý dowam edendigini aýdan Putin, bu söweşdäki esasy hadysanyň Prohorowkadaky uly göwrümli tank söweşidigini, ol ýerde garşylyklaýyn çozuşda ýüzlerçe tankyň frontyň dar böleginde birleşendigini, astyndaky topraklarynyň sözüň doly manysynda ýanandygyny beýan etdi.
Putin ýeňiş üçin söweşenleri ýatdan çykarmajakdyklaryny belläp: "Şu gün bu ýerde meşhur Kursk topraklarynda, 1943-nji ýylda nasistlere garşy söweşen Kursk söweşiniň gahrymanlarynyň şöhradyna laýyk bolan gahrymanlarymyza, esgerlerimize, ýörite harby operasiýa gatnaşan adamlara ýokary döwlet sylagy gowşurylar" diýip belledi.
Ähli esgerleriň mertlik we batyrgaýlyk bilen söweşendigini aýdan Putin, Ata watana bolan baglylyklarynyň we harby kasama wepalylygyň ýörite harby operasiýanyň ähli gatnaşyjylaryny birleşdirendigini habar berdi.
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin rus harbylara ýüzlenip: "Hyzmatlaryňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin, men siziň bilen buýsanýaryn" diýip nygtady.
Degişli Habarlar
Doha forumy 2024 öz işine başlaýar
Doha forumy 7-nji dekabrynda Kataryň paýtagtyndaky Şeraton myhmanhanasynda öz işine başlar.