PKK/ÝPG-e agza terrorçylar Afrin sebitine hüjüm guradylar
PKK/ÝPG agza terrorçylar Russiýanyň howadan goldaw bermegi netijesinde 2016-njy ýylyň fewral aýynda Tel Ryfaty we onuň töweregindäki käbir ilatly ýerleri basyp alypdy

Siriýanyň Halap welaýatynyň Tel Ryfat etrabyndaky basyp alyşlygyny dowam etdirýän ekstremist terror guramasy PKK-ÝPG-e agza terrorçylaryň, Afrinde öýlerinden mahrum bolan adamlaryň sygynan briket öýlere guralan raketaly hüjümlerde asuda ilatdan 6 adam ýaralandy.
Türkiye serhedine 18 km alysdaky Siriýanyň Tel Ryfat etrabyny eýýäm 6 ýyl bäri gözegçiliginde saklaýan PKK/ÝPG asuda ilatly ýerleri nyşana almaga dowam edýär.
Tel Ryfatdaky terrorçylar, harby oppozisionerleriň gözegçiligindäki Afriniň Terende obasynda öýlerinden mahrum bolan adamlaryň sygynan briket öýlere 2 aýry raketa bilen hüjüm guradylar.
Raýat goranyş çeşmelerinden alynan maglumata görä, guralan hüjümde asuda ilatdan 3-si çaga, jemi 6 adam ýaralandy.
PKK/ÝPG agza terrorçylar Russiýanyň howadan goldaw bermegi netijesinde 2016-njy ýylyň fewral aýynda Tel Ryfaty we onuň töweregindäki käbir ilatly ýerleri basyp alypdy.