ABŞ Russiýanyň Demirgazyk Koreýadan Ok-Däri Alýandygyny Öňe Sürdi
ABŞ Russiýanyň Demirgazyk Koreýadan alýan ok-däri mukdarynyň artdyrylmagyny talap edendigini öňe sürdi.

Ak Tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň Strategik aragatnaşykdan jogapkär utgaşdyryjysy Jon Kirby, Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň 26-njy iýylda Demirgazyk Koreýa guran saparynda resmi Phenýanyň Moskwa satýan ok-därisi mukdaryny artdyrmagy üçin koreý resmileri bilen gepleşik geçirendigini öňe sürdi.
Saparyň dowamynda Şoýgunyň koreýaly resmiler bilen duşuşandygyny beýan eden Kirby, 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşinde ýurduna zerur bolan ok-däri mukdarynyň artdyrylmagyny talap edendigini aýtdy.
Şoýgunyň öňe sürülen duşuşygy hakynda; “Putiniň harby enjamlara goýulan sanksiýalardan we eksporta girizilen gözegçilikden nähili zyýan çekendigi üçin çaresiz ýagdaýa düşmeginiň beýleki bir görkezijisi” diýen Kirby, Russiýanyň Ukrainany “boýun eğdirmek” maksady bilen Eýranyň, Demirgazyk Koreýanyň we Hytaýyň goldawyny almaga çalyşýandygyny beýan etdi.
Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýeti Koreýa söweşinde çaknyşyklaryň bes edilmegi hakyndaky ylalaşygyň 70 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin 26-njy iýulda Demirgazyk Koreýa barypdy.