Pakistanda Guralan Hüjümiň Joagpkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy

Pakistanda guralan hüjümde 54 adam ýogalypdy, 200-e golaý adam hem ýaralanypdy.

2018487
Pakistanda Guralan Hüjümiň Joagpkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy

Pakistanyň Haýber Pahtunhwa sebitinde şäriklik hökümetiniň agzalaryndan Yslam Ulemasy jemgyýeti partiýasynyň gurultaýyny nyşana alan we 54 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DEAŞ öz üstüne aldy.

Terror guramasy DEAŞ, sosial mediadan beren habarnamasynda, hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alýandygyny mälim etdi.

Pakistanda şäriklik hökümetiniň agzalaryndan Yslam Ulemasy jemgyýeti partiýasynyň gurultaýyny nyşana alan hüjümde 54 adam ýogalypdy, 200-e golaý adam hem ýaralanypdy.

 



Degişli Habarlar