Baýden Döwletleriň Ählisini Himiki Ýaraglar Hakyndaky Şertnama Goşulmaga Çagyrdy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ähli milletleriň “Himiki ýaraglar hakyndaky şertnama” goşulmagy boýunça çagyryş etdi.

2008686
Baýden Döwletleriň Ählisini Himiki Ýaraglar Hakyndaky Şertnama Goşulmaga Çagyrdy

Baýden beýannamasynda ABŞ-nyň inwentaryndaky soňky himiki ýaraglaryň hem ýok edilendigi nygtrap; “Beýleki ýurtlary himiki ýaraglar boýunça global gadagançylygyň doly potensialyna ýetmegi üçin şertnama goşulmaga çagyrýaryn” diýdi.

ABŞ-nyň beýan edilen himili ýaraglaryň doly ýok edilendigi yglan eden ilkinji ýurtdugyny nygtan Baýden; “Russiýa we Siriýa “Himiki ýaraglar hýakyndaky şertnama” dolanyp gelmegi we beýan edilmedik maksatnamalaryny beýan etmeli” diýdi.

Baýden himiki ýaraglaryň öndürilmeginiň, ammarlanmagynyň we ulanylmagynyň dünýäde bes etmek üçin beýleki “ýaran ýurtlar” bilen işleşmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

ABŞ-nyň Senatyndaky respublikaçylaryň lideri Mitç MkKonnell düýn beren beýannamasynda ABŞ-nyň Kentaki ştatynda ýerleşýän Amerikan goşunyna degişli “Blu Grass” atly ammardaky nerw gazy ýüklenen raketalary hatardan çykarandygyny beýan edipdi.

ABŞ, 1997-nji ýylda 193 ýurduň gatnaşmagynda gol goýulan “Himiki ýaraglar hakyndaky şertnamanyň” çäginde inwentaryndaky ähli himiki ýaraglary 30-njy sentýabra çenli ýok etmäge borçly.



Degişli Habarlar