Jo Baýden Ulf Kristersson bilen duşuşyk geçirdi

Ak Tam Jo Baýden bilen Ulf Kristerssonyň paýtagt Waşingtonda geçiren duşuşygy bilen bagly ýazmaça beýannama berdi

2007677
Jo Baýden Ulf Kristersson bilen duşuşyk geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we Şwesiýanyň Premýer ministri Ulf Kristersson täze ABŞ-Şwesiýa Goranmak boýunça hyzmatdaşlyk ylalaşygy bilen birlikde iki ýurduň arasynda berkän goranyş hyzmatdaşlygyny we Şwesiýanyň NATO agzalygyny ara alyp maslahatlaşdy. 

Ak Tam Jo Baýden bilen Ulf Kristerssonyň paýtagt Waşingtonda geçiren duşuşygy bilen bagly ýazmaça beýannama berdi. 

Beýanata görä liderler Ukraina berilýän goldawa ygrarlydyklaryny bellediler we Hytaýa garşy transatlantik tagallalary koordinasiýa etmek meselelerini ele aldylar. 

Jo Baýden we Ulf Kristersson mundan başgada täze ABŞ-Şwesiýa Goranmak boýunça hyzmatdaşlyk ylalaşygy bilen birlikde iki ýurduň arasynda berkän goranyş hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Duşuşykda Baýden Şwesiýanyň sebitleýin howpsuzlyga berýän goşandy barada öwgüli sözler aýdyp, şol ýurduň mümkin bolan iň gysga wagtda NATO agza bolmak baradaky ygrarlylygyny beýan etdi. 

Liderler duşuşykdan şeýle hem klimat çalşygy we telekommunikasiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyklar ýaly ugurlary maslahatlaşdylar. 



Degişli Habarlar