Ukraina Moskwa Oblastyna Dronlar Bilen Hüjüm Guramaga Synanşdy

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň Moskwa oblastyna uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm synanşygyny edendigini habar berdi.

2006711
Ukraina Moskwa Oblastyna Dronlar Bilen Hüjüm Guramaga Synanşdy

Bu barasynda ministrlik beýannama berdi.

Ministrligiň beýannamasynda; “Şu gün irden resmi Kiýewiň 5 uçarmansyz howa ulagy bilen Moskwa oblastynda we Nowaýa Moskwada ýerleşýän ýerlere terror hüjümini gurama synanşygynyň öňi alyndy” diýilýär.

Howa ulaglaryndan 4 sanysynyň rus howa goranyş ulgamlary tarapyndan hatardan çykarylandygy, 1 sanysynyň bolsa elektronik enjamlar bilen öňüniň alynandygy we sebite gaçandygy, wakada hiç hili ýitginiň çekilmändigi habar berildi.

Beýleki tarapdan Moskwanyň Meri Sergeý Sobýanin dron hüjüm synanşygy sebäpli paýtagt Moskwadaky Wnukowa howa menzilinde howpsuzlyk çäreleriniň görülendigini beýan etdi.

Howa menziline gonjak uçarlaryn käbirleriniň başga howa menzillerine gönükdirilendigini beýan eden Sobýanin, ýerli wagt boýunça sagat 08.00-da howa menziliniň kadaly işlemäge başlandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar