Amerikan Esgeri Terror Guramasyna Kömek Berendigini Boýun Aldy
ABŞ-nyň harby goşunlarynda gulluk edýän esgerlerden biri Ýakyn Gündogardaky Amerikan esgerlerine hüjüm guraýan terror guramasy DEAŞ-a kömek berendigini boýun aldy.

Ohio ştatynda ýaşaýan 22 ýaşly Koul Brijes atly esger, düýn kazynyň öňüne çykdy.
Bridjes terror guramasy DEAŞ-a kömek berendigi sebäpli gozgalan jenaýat işinde günäsini boýun aldy.
ADŞ-nyň Adalat ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Brijesiň 2019-njy ýylda Amerikan goşunynyň hataryna goşulandygy we şondan bäri terror guramasy DEAŞ hakyndaky propogandalara internet arkaly syn edendigine üns çekilen beýannamada, DEAŞ-yň agzalarynyň Nýu-Ýorkdaky we Ýakyn Gündogardaky Amerikan esgerlerine hüjüm guramak üçin tälim berip, ýolbeletlik edendigi hem nygtalýar.
Nýu-Ýorkyň Günorta kazyýetiniň kazysy Damian Uiliam beren ýazmaça beýannamasynda; “Kazylarymyz bilen Fedaral derňew ofisiniň we ABŞ-nyň harby goşunlaryndaky hyzmatdaşlarymyzyň saýasynda Brijesiň erbet niýeti ýüze çykaryldy, indi onuň özi eden etmişleri üçin jezalandyrmaga garaşýar” diýip, nygtady.
Koul Brijesin 40 ýyl azatlykdan mahrum edilmegi islenýär.