Ukrain Goşunlarynyň Garşy Hüjümleri Başlady

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin ukrain goşunlarynyň garşy hüjümleriniň başlandygyny aýtdy.

1997921
Ukrain Goşunlarynyň Garşy Hüjümleri Başlady

Putin rus goşunlary bilen ukrain goşunlarynyň arasyndaky çaknyşyklar hakynda beýannama berdi.

Ukrain goşunlarynda çekilýän ýitgileriň soňky günlerde artýandygyny beýan eden Putin, şol ýitgileriň 3-e 1-den has ýokarydygyny aýtdy.

Putin Ukrainanyň harby goşunlarynyň garşy hüjüme geçendigini nygtap; “Ukrainanyň hüjümleriniň başlandygyny anyk görýäris. Ukrain goşunlaryndaky strategik ätiýaçlaryň peýdalanylmagy muny görkezýär” diýdi.

Hüjümiň netijesinde Ukrainanyň maksadyna ýetýändigini beýan eden Putin, çekýän ýitgilerine garamazdan ukrain goşunlarynyň henizem hüjüm poetansialyna eýedigine ünsi çekdi.

Wladimir Putin şol ýitgileriň strategiýadan ybaratdygyny nygtap; “Şol strategiýa soňky ýyllarda başdan geçirilenleriň netijesi we onuň jogapkäri Ukrainanyň hökümeti” diýdi.

Rus goranyş senagaty hakynda-da durup geçen Putin; “Henizem ýeterlik döwrebap ýaraglarymyz ýok, emma ýurduň senagaty, goranyş senagaty we harby-senagat desgalary depginli ösýär we goranyş senagatynyň öňündäki ähli borçlary doly ýerine ýetirjekdigine ynanýaryn. Döwrebap ýaraglaryň önümçiligi ýokary depginde artýar” diýdi.  



Degişli Habarlar