Somalide Çagalar Oýun Oýnaýarka Partlama Boldy
Raketanyň ýarylmagy sebäpli 22 çaga ýogaldy

Somalide, çagalaryň oýun parkynda raketanyň ýarylmagy sebäpli 22 çaga ýogaldy.
Aşakky Şabel etrapçasynyň ýolbaşçylaryndan İbrahim Malabow, metbugata beren beýannamasynda, çagalaryň oýnaýan ýerinde partlamanyň bolandygyny habar berdi.
Malabow, raketanyň ýarylmagy sebäpli 22 çaganyň ýogalandygyny, 3-niň ýaralanandygyny aýtdy.
Malabow, partlamadan terror guramasy Aş Şebabyň jogapkärdigini belledi.
Oýun parkynyň ýerleşýän sebitine gözegçilik edýän Aş Şebab bolsa partlama Somalidäki Afrika parahatçylyk güýji tarapyndan atylan bombanyň sebäp bolandygyny öňe sürdi.
Degişli Habarlar

ABŞ-da guralýan ýaragly hüjümlerde ýogalýan çagalaryň sany artýar
ABŞ-da başdan geçirilen zorlukly wakalarda soňky 9 aýda 1300-den gowrak çaga ýogaldy

Yrakda Ýangynda Ýaralanan 20 Adam Berjergi Üçin Türkiýä Ugadyldy
Ýangynda ýaralanan 82 adamdan 20-niň harby uçar bilen bejergi üçin Stambula ugradylandygy nygtaldy.