ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Hytaýda Saparda Bolar
Entoni Blinkeniň üstümizdäki aýyň ahyrynda Hytaýa sapar guramagy meýilleşdirilýär.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň üstümizdäki aýyň ahyrynda Hytaýa sapar guramagy meýilleşdirilýär.
Amerikaly we hytaýly ýolbaşçylara esaslanylýan habarda, Blinkeniň üstümizdäki aýyň ahyrynda Hytaýa sapar gurajakdygy nygtaldy.
Habarda, Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda dartgynlyga sebäp bolan “içaly şar” wakasyndan öň Blinkeniň fewral aýynda Hytaýa sapar guramagy meýilleşdirlendigi ýatladyldy.
Blinkeniň üstümizdäki aýyň ahyrynda Hytaýa gurajak sapary üçin iki ýurduň hem taýarlyk görýändigi bellenildi.
Habarda, Blinkeniň paýtagt Pekinde Hytaý Komunist partiýasynyň Daşarky gatnaşyklar toparynyň başlygy Wan I, Daşary işler ministri Çin Banda bilen birlikde ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen duşuşmagyna garaşylýandygy nygtaldy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň, Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Sizinpin bilen duşup duşuşmazlykda ikirjiňlidigi bellenildi.
Degişli Habarlar

ABŞ-da guralýan ýaragly hüjümlerde ýogalýan çagalaryň sany artýar
ABŞ-da başdan geçirilen zorlukly wakalarda soňky 9 aýda 1300-den gowrak çaga ýogaldy

Yrakda Ýangynda Ýaralanan 20 Adam Berjergi Üçin Türkiýä Ugadyldy
Ýangynda ýaralanan 82 adamdan 20-niň harby uçar bilen bejergi üçin Stambula ugradylandygy nygtaldy.