Putin Bilen Lukaşenko Soçide Duşuşdy

Putin, Belarusa iýul aýynyň 7-8-den soň rus taktiki ýadro ýaraglarynyň ornaşdyrylmaga başlanjakdygyny aýtdy.

1997803
Putin Bilen Lukaşenko Soçide Duşuşdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Belarusa iýul aýynyň 7-8-den soň rus taktiki ýadro ýaraglarynyň ornaşdyrylmaga başlanjakdygyny aýtdy.

Putin, Russiýanyň Soçi şäherinde Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen duşuşdy.

Duşuşykdan öň metbugata beýannama beren Putin, Lukaşenko bilen howpsuzlyk we ykdysady meseleler hakynda pikir alyşjakdygyny belledi.

Wladimir Putin iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň gün saýyn pugtalanýandygyny belledi.

Belarusa ugradyljak taktiki ýadro ýaraglary hakynda hem durup geçen Putin, “Gazanylan ylalaşyga laýyklykda iýul aýynyň 7-8-i aralygynda degişli taýarlyklaryň tamamlanmagyndan soň ýaraglaryň Belarusa ornaşdyrylmagy üçin işe girişeris”diýdi.

Putin, mart aýynda beren beýannamasynda, NATO-nyň başga ýurtlara taktiki ýadro ýaragyny ornaşdyrandygy sebäpli Russiýanyn hem Belarusa ady agzalýan ýaragy ornaşdyrjakdygyny aýdypdy.

Belarusyň Prezidenti Lukaşenko hem ýurtda Sowet döwründen galan ýadro ýaraglaryň ornaşdyrylmagy üçin ýörite desgalaryň guruljakdygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar