Pakistan Türkiye bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek isleýär

Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerif Prezident Erdoganyň kasam edişlik dabarasyna gatnaşmak maksady bilen 3-4-nji iýun aralygynda Türkiyä sapar gurapdy

1997026
Pakistan Türkiye bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek isleýär

Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerif söwda, maýa goýum, ýokary okuw, syýahatçylyk we infrastruktura ýaly ugurlarda Türkiye bilen edýän hyzmatdaşlyklaryny has hem ösdürmek isleýändiklerini habar berdi. 

"Pakistan" radiosynda berilen habarlara görä, Türkiyäniň Yslamabad şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mehmet Paçajy, Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerif tarapyndan kabul edildi. 

Duşuşykda Şerif  söwda, maýa goýum, ýokary okuw, syýahatçylyk we infrastruktura ýaly ugurlarda Türkiye bilen edýän hyzmatdaşlyklaryny has hem ösdürmek isleýändiklerini mälim etdi. 

Şerif Türkiyäniň we Pakistanyň umumy ynanç we ikitaraplaýyn häsýetdäki hormadyň esasynda uzak möhletli taryhy gatnaşyklara eýedigini, iki ýurduň halklarynyň biri-birine uly hormat goýandygyny beýan etdi. 

Türkiyä guran saparynda maýa goýum kärhanalary bilen maslahat geçirendigini aýdan Şerif: "Häzirki wagtda Pakistan daşary ýurtly maýadarlar üçin iň gowy wagt we biz türk kärhanalarynyň bu meseledäki çuňňur gyzyklanmasyndan hoşaldyrys" diýip belledi. 

Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerif Prezident Rejep Taýýip Erdogana we Türkiyäniň hökümetine myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerif Prezident Erdoganyň kasam edişlik dabarasyna gatnaşmak maksady bilen 3-4-nji iýun aralygynda Türkiyä sapar gurapdy. 



Degişli Habarlar