Saud Arabystanyň Sudandaky İlçihanasyna Guralan Hüjümi Berk Ýazgardy
Saud Arabystany käbir ýaragly toparlaryn Sudandaky ilçihanasyna we onuň goşmaça binalaryna guralan hüjümi berk ýazgardy.
Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada; “Daşary işler ministrligi Sudandaky ilçihanamyza we onuň goşmaça binalaryna guralan hüjümi, olara ýetirilen ýitgini, ilçihanamyzyň işgärleriniň ýaşaýyş jaýlaryna we emläklerine guralan hüjümleri berk ýazgarýar” diýilýär.
Saud Arabystanynyň diplomatik wekilhanalaryna guralýan ähli basyşlary we hüjümleri doly ret edýändigi nygtalyp, Sudana we onuň doganlyk halkyna howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň yzyna gelmegini bökdeýän ýaragly toparlara garşy durulmagynyň ähmiýeti nygtaldy.
Sudanda harby goşun bilen hakynatutma Gyssagly goldaw güýçleriniň arasynda 2 ýyla golaý wagt bäri çaknyşyklar dowam edýän bolsa, esasanda paýtagt Hartumdaky diplomatik wekilhanalara hüjümler guralýar.
İlçihanalaryň binalaryna guralan hüjümlere sezewar bolan ýurtlaryň hatarynda Katar, İordaniýa, Liwiýa ýaly ýurtlar hem bar.
Degişli Habarlar
Doha forumy 2024 öz işine başlaýar
Doha forumy 7-nji dekabrynda Kataryň paýtagtyndaky Şeraton myhmanhanasynda öz işine başlar.