Erdoganyň Adalatly Dünýä Gurmak Mümkin Atly Kitaby Rawil Gaýnutdine Gowşuryldy
Kitaby Türkiýäniň Moskwadaky Ilçisi Mehmet Samsar gowşurdy.

Prezident R.T.Erdoganyň rus dilinde neşir edilen “Adalatly dünýä gurmak mümkin” atly kitaby Türkiýäniň Moskwadaky Ilçisi Mehmet Samsar tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň musulmanlarynyň dini edarasynyň we Russiýanyn Müftüler geňeşiniň Başlygy Rawil Gaýnutdine gowşuryldy.
İlçi Samsar Russiýa Federasiýasynyň musulmanlarynyň Dini edarasyna baryp, Gaýnutdin bilen duşuşdy.
Erdoganyň kitabyny Gaýnutdine gowşuran Samsar, Prezidentiň adalatly, durnuly we birsydyrgyn parahatçylygy üpjün etmek üçin BMG-niň dolanşygynda käbir özgertmeleriň edilmegi boýunça garaýyşyny her pursatda beýan edýändigini ýatlatdy. Samsar şol pikirlerini Erdoganyň gönüden göni özüniň kitap görnüşinde çap edilendigini, onuň rus diline terjime edilendigini aýtdy.
Erdogan we Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin 2015-nji ýylda Moskwanyň Merkezi metjidini açandygyny ýatladan Gaýnutdin bolsa; “Russiýadaky 25 million musulmanyň adyndan ony Russiýa çagyrýarys we Erdogany görmek isleýäris” diýdi.
Degişli Habarlar

Aliýew Bilen Paşinýan Ispaniýada Duşuşar
Aliýew bilen Paşinýanyň 5-nji oktýabrda Ispaniýanyň Granada şäherinde duşuşmagyna garaşylýar.