Russiýa: "Ukraina ammiak turbasyny partlatdy" diýdi

Russiýa ukrainaly sabotaž we gözegçilik toparlarynyň Harkow sebitiniň golaýynda Tolýatti-Odessa ammiak torba liniýasyny partladandygyny habar berdi

1996730
Russiýa: "Ukraina ammiak turbasyny partlatdy" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, 5-nji iýunda Moskwa wagty bilen sagat 21:00-da Harkow sebitindäki Masýutowka ýaşaýyş zolagynyň golaýyndan geçýän ammiak turbasynyň partladylandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Ukrainaly sabotaž we gözegçilik toparlary Harkow sebitiniň golaýynda Tolýatti-Odessa ammiak torba liniýasyny partlatdy. Şol terrorçylykly aksiýanyň netijesinde asuda ilatyň arasynda ýitgiler çekildi. Şol adamlara lukmançylyk kömegi berildi" diýip habar berdi. 

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, partladylan turba liniýasynyň abatlaýyş işleriniň 1-3 aý aralygynda dowam edip biljekdigini, wakany derňemek üçin tagalla etjekdiklerini aýan etdi. 

Zaharowa turba liniýasyny ýaňdandan işletdirmek üçin Ukraina tarapynyň gyzyklanma bildirmeýändigini belledi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Ukraina , #turba , #ammiak

Degişli Habarlar