Kahowka Bendiniň Ýykylmagy Sebäpli 7 Adam Dereksiz Ýitdi

Sebitdäki Täze Kahowka şäheriniň merkezi suwyň aşagynda galdy.

1996691
Kahowka Bendiniň Ýykylmagy Sebäpli 7 Adam Dereksiz Ýitdi

Ukrainanyň Herson sebitine ýerleşýän ruslaryň gözegçiligi astynda bolan Kahowka bendiniň ýykylmagy sebäpli suwyň aşagynda galan etrapçalarda azyndan 7 adam dereksiz ýitdi.

Russiýanyň TASS habarlar gullugy, ýykylan bendiň suwynyň golaýdaky ilatly ýerlere uly zeper ýetirendiginy, wakada azyndan 7 adamyň dereksiz ýitendigini habar berdi.

Kahowka bendiniň bombalanmagy sebäpli Dnepr derýasynda suwyň mukdary artdy.

Sebitdäki Täze Kahowka şäheriniň merkezi suwyň aşagynda galdy.

Sebitden gelen wideo ýazgylarda suwyň binalaryň ikinji gatyna çenli çykandygy görülýär.

Russiýaly ýolbaşçylar, 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlan söweşden öň 44 müň ilaty bolan şäheriň we golaýdaky etraplaryň ýaşaýjylarynyň göçürilmegi barada karar kabul edipdi.

Russiýa bilen Ukraina waka sebäpli biri-birini günäkärläpdi.

 


Etiketkalar: #dereksiz yitmek , #bent , #Herson

Degişli Habarlar