Russiýa-Ukraina Söweşinde Çaknyşyklar Güýçlendi
Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň Günorta Donesk tarapyndan frontuň bäş nokadynda uly göwrümli hüjüme geçendigini habar berdi.


Beýan edilmegine görä 6 mehanizmleşdirilen we 2 tank batalýonundan ybarat bolan ukrain harby güýçleri rus goranyşyny böwüsmäge synanşan hem bolsa, hötdesinden gelip bilmedi.
Ministrlikden berilen beýannamada; “Ukrainanyň goşunlary 250-den gowrak esgerini, 16 tankyny, 3 artilleriýa ulagyny we 21 sowutly ulağyny ýitirdi” diýilýär.
Russiýanyň Baş ştabynyň Başlygy Weleri Gerasimowyň hem şol ugurdaky dolandyryş merkezlerinden birindedigi habar berildi.
Ukrainanyň Guryýer goşunlarynyň serkerdesi Aleksandr Syrskiý bolsa gündogar frontunyň Swatowe ugrundaky ukrain harby goşunlarynyň hüjüme geçendigini we 400 metr öňe süýşendigini mälim etdi.
Russiýanyň Belgorod welaýatyna hem hüjüm guraldy.
Belgorodyň häkimi energetika tesgalaryndan birinde ýangynyň bolandygyny, emma adam pidasynyň bolmandygyny beýan etdi.
Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý söweşiň başyndan bäri hüjümlerde 500 çaganyň pida bolandygyny aýtdu.
Zelenskiý; “Ýaralanan çagalaryň sanyny doly anyklamam henizem mümkin däl” diýdi.
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Ukraina hüjüm üçin görkezme beripdi we şeýlelikde Russiýa-Ukraina söweşi başlapdy.
Degişli Habarlar

“Şwesiýanyň NATO Agzalygy Meselesinde Howlukmaç Hereket Edilmeli Däl”
Orban, “Şwesiýanyň howpsuzlygyna hiç hili howp abanmaýar” diýdi.

Garabagda Ýangyç Ammarynda Partlama Boldy
Partlamada köp sanly adamyň ýogalandygy, 200-den gowrak adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.