Hytaýda ýer süýşmesi sebäpli 19 adam ýogaldy
Sebitde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär

Hytaýyň Syçuan welaýatynda aşa ýagan ýagyşlar ýer süýşmeleriniň başdan geçirilmegine sebäp boldy. Tebigy apatda ýeriň we gaýa bölekleriniň aşagynda gelen 19 adam ýogaldy.
Ýer süýşmesi ýurduň günorta-günbatarynda ýerleşýän Syçuan welaýatynyň Lyşen şäherindäki magdan käninde başdan geçirildi.
Apat magdan käninde işleýän adamlaryň iş we ýaşaýyş zolaklaryna täsir ýetirdi.
Köp sanda adam ýeriň we gaýa bölekleriniň aşagynda galdy, häzirki wagta çenli 19 adamyň jesedi çykaryldy.
Sebitde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.
Sebitde ýer süýşmesinden 2 gün öň başlan ýagyşlaryň täsirli bolandygy habar berildi.
Degişli Habarlar

“Ermenistanyň, Azerbaýjanda Goýan Minalaryna Alada Bildirýäris”
BMG-nyň 78-nji Baş Assambleýasynyň başlygy Frensis “Bu meselä alada bildirýäris” diýdi.