Hindistanda Bolan Otly Heläkçiliginde 288 Adam Ýogaldy

Düýn ýerli wagt bilen 19.20-de iki ýolagçy we bir ýük otlusy kakyşdy.

1994792
Hindistanda Bolan Otly Heläkçiliginde 288 Adam Ýogaldy

Hindstanyň Orissa sebitinde düýn bolan otly heläkçiliginde 288 adam ýogaldy, 900-den gowrak adam hem ýaralandy.

Düýn ýerli wagt bilen 19.20-de iki ýolagçy we bir ýük otlusy kakyşdy.

Wakada 288 adam ýogaldy, 900-den gowrak adam hem ýaralandy.

Otly heläkçiliginde ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmi, Twitterden beren habarnasynda, otly heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi we wakada ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirdi.

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi hem heläkçilik sebäpli ýitgi çekenlere degişli goldawyň beriljekdigini aýtdy.

Modi, otly heläkçiliginde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç, ýaralananlara şypa diledi.

 



Degişli Habarlar