Zelenskiý, NATO agzalygynyň Ukraina üçin iň gowy howpsuzlyk kepilligi boljakdygyny belledi
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, NATO agzalygynyň Ukraina üçin iň gowy howpsuzlyk kepilligi boljakdygyny belledi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Moldawiýada Ukraina serhedine 20 km uzaklykda ýerleşýän taryhy Mimi galasynda geçirilen Ýewropanyň Syýasy Bileleşigi sammitinden soň, metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.
Wladimir Zelenskiý: "Ukrainanyň NATO bilen ýakynlaşmagynda ýene-de bir ädim öňe gitmegi üçin ähli zady etmelidir we şol alamaty alýansa agza ýurtlardan almagy gerekdir" diýip belledi.
"Ukraina NATO-da bolsady, Russiýa hüjüm etmän bilerdi" diýip aýdan Zelenskiý: "Bu bolsa iň gowy howpsuzlyl kepilliginiň NATO-dadygyny görkezýär" diýip nygtady.
Ukraina F-16 uçarlary bilen üpjün etmek bilen baglanşykly karar üçin Günbatarly hyzmatdaşlaryna minnetdarlyk bildiren Wladimir Zelenskiý, döwrebap harby uçarlara zerurlygyň bardygyny belläp: "Uçarlary alýançak ýaşamaly. Ony çürt-kesik ederis, emma onuň üçin goranmaga zerurlygymyz bar. Uçarlarymyz bolýança çenli has köp Patriot ulgamlaryna zerurlygymyz bar" diýip habar berdi.