Zelenskiý: "Uruş biz ýeňiş gazanan mahalymyz gutarar" diýdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý: "Uruş biz ýeňiş gazanan mahalymyz gutarar. Russiýa bu uruşy has ir bes edip biler. Onuň üçin biziň territoriýamyzy terk etmekleri gerek" diýip belledi

1994181
Zelenskiý: "Uruş biz ýeňiş gazanan mahalymyz gutarar" diýdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Ýewropanyň Syýasy bileleşigi sammitine gatnaşmak maksady bilen Moldowa bardy. 

Sammitiň geçiriljek Mimi galasynda Moldowanyň Prezidenti Maýa Sandu tarapyndan garşylanan Wladimir Zelenskiý, ol ýerde beren beýanatynda, söweşi haçan tamamlanjakdygy bilen baglanşykly: "Uruş biz ýeňiş gazanan mahalymyz gutarar. Russiýa bu uruşy has ir bes edip biler. Onuň üçin biziň territoriýamyzy terk etmekleri gerek" diýip nygtady. 

Zelenskiý, Ýewropanyň Syýasy bileleşigi sammitinde käbir liderler bilen duşuşyklar geçirjekdigini, şol duşuşyklarda ýurduna Patriot raketa ulgamlary ýaly harby goldawyň berilmeginiň ele alynjakdygyny habar berdi. 

Zelenskiý ýurdunyň Ýewropa Bileleşigine we NATO agzalyklary bilen bagly bolsa: "Geljegimiziň Ýewropa Bileleşigindedigine ynanýarys. Ukraina NATO-nyň düzümine goşulmaga hem taýardyr. NATO-nyň Ukrainany öz düzümine goşmagyna garaşýarys. Russiýanyň Ukraina garşy hüjümi we Ýewropanyň beýleki ýerlerine guramagy ähtimal hüjümleri sebäpli howpsuzlyk kepillikleriniň diňe Ukraina üçin däl, eýsem Moldawiýa üçin hem möhümdir" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar