Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär

Russiýanyň goşunynyň düýn Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine guran howa hüjüminde 2-si çaga jemi 3 adam ýogaldy, 10 adam bolsa ýaralandy

1993803
Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär

Kiýew şäheriniň Harby edarasynyň başlygy Sergeý Popko sosial media hasabyndan beren beýanatynda, ruslaryň düýn gije Kiýew şäherine hüjüm gurandygyny we 1-nji iýun Bütindünýä Çagalar gününde çagalary öldürendigini habar berdi. 

Russiýanyň hüjümde ganatly we ballistik raketa ulanandygyny aýdan Popko: "Anyklanan ähli howa nyşanalary, goranmak güýçlerimiz we enjamlarymyz bilen ýok edildi" diýip mälim etdi. 

Popko raketanyň bölekleriniň adam pidalaryna we weýrançylyga sebäp bolandygyny belläp: "Kiýew şäheriniň Desna etrabynda raketanyň bölekleri bir poliklinikanyň we ýanyndaky köp gatly binanyň üstüne gaçdy. Şonuň netijesinde 3 adam ýogaldy, 10-a golaý adam ýaralandy. Bellemeli zat ýogalanlaryň arasynda 2 çaganyň bolmagydyr" diýip belledi. 

Popko Dnepr etrabynda öýleriň birine raketanyň bölekleriniň üstüne gaçmagy sebäpli zeper ýetendigini, duran ulagyň ýanandygyny aýan etdi.


Etiketkalar: #hüjüm , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar