Stoltenberg NATO-nyň Kosowa goşmaça 700 esger ugratjakdygyny mälim etdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, NATO-nyň Kosowadaky Parahatçylyk güýjüne (KFOR) goşmaça ýagdaýda 700 esgeriň ugradyljakdygyny habar berdi

1993385
Stoltenberg NATO-nyň Kosowa goşmaça 700 esger ugratjakdygyny mälim etdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, 31-nji maý-1-nji iýun aralygynda NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň resmi bolmadyk maslahatynyň geçiriljek Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäherinde Norwegiýanyň Premýer ministri Ýonas Gar Stýore bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Soňky günlerde dartgynlygyň artan ýeri bolan Kosowanyň üstünde durup geçen Ýens Stoltenberg, KFOR esgerlerine garşy guralan hüjümlerde 30 esgeriň ýaralanandygyny ýatladyp, hüjümi ýazgardy.

Stoltenberg: "Bular ýaly görnüşli hüjümler kabul edilmez we tiz wagtda bes edilmeli. KFOR we NATO güýçleri Kosowada ähli raýatlar üçin howpsuz gurşawyň üpjün edilmegi maksady bilen gerek bolan ähli ädimleri eder. BMG-nyň kararyna laýyklykda bitarap häsýetde hereket etmäge dowam ederis" diýip habar berdi. 

Günbatar Balkanlar üçin döredilen operatiw ätiýaç güýçlerinden 700 esgeriň Kosowa ugradylmagy barada karara gelendiklerini aýdan Stoltenberg, 1 batalon esgeriň hem taýarlyk derejesiniň artdyrylandygyny, zerur bolan halatynda şol esgerleriň hem KFOR-a goldaw bermek maksady bilen Kosowa ugradyljakdygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar