Somali Durnuksyz Bolmagynda Galýar

Somliniň harby goşunlary terror guramasy Aş-Aşababyň harby baza guran hüjümini yza serpikdirip, 30 partizany täsirsiz ýagdaýa getirdi.

1993381
Somali Durnuksyz Bolmagynda Galýar

Somalinin Maglumatlar ministrliginden berilen beýannama görä Galgadud sebitiniň Masagawa şäherindäki harby baza partizanlar tarapyndan hüjüm guraldy.

Ýerli güýçler tarapyndan goldanýan Somaliniň harby goşuny, hüjümi yza serpikdirip, azyndan 30 partizany ýok etdi.

Çaknyşykda Somaliniň harby goşunlaryndan 3 esger ýaralandy.

Somaliniň goşunlary Aş-Şababa garşy geçen ýyl başladan giňişleýin operasiýalarynda azat edilen Masagawa etrabyna Eritrede tälim alan esgerler ornaşdyrylypdy.

Gurama geçen hepde Afrika bileleşiginin parahatçylyk güýjünde gulluk edýän esgerlere hüjüm edipdi.



Degişli Habarlar