Russiýanyň Ukraina Guraýan Hüjümleri Dowam Edýär

Konaşenkow, Ukrainanyň harby goşunyna degişli howa menziline hüjüm edendiklerini mälim etdi.

1992648
Russiýanyň Ukraina Guraýan Hüjümleri Dowam Edýär

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Igor Konaşenkow, Ukrainanyň harby goşunyna degişli howa menziline hüjüm edendiklerini mälim etdi.

Konaşenkow, 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi hakynda paýtagt Moskwada beýannama berdi.

Rus goşunynyň Ukraina guraýan hüjümlerini dowam etdirýändigini aýdan Konaşenkow, “Russiýanyň ýaragly güýçleri, duşmanyň harby howa menziline hüjüm gurady” diýdi.

Konaşenko, hüjümiň maksadyna ýetendigini aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Igor Konaşenkow “Söweşiň başyndan bäri Ukraina degişli 429 uçar, 235 dikuçar, 4 müň 371 sany uçarmansyz howa ulagy, 424 sany howa goranyş raketa ulgamy, 9 müň 324 tank we sowutly ulag, 1100 raketa, 4 müň 924 sany gaubisa, 10 müň 527 sany hususy harby ulag hatardan çykaryldy” diýdi.



Degişli Habarlar