Eýrandaky sil apatynda 4 adam ýogaldy
Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynda bolan sil apatynda 4 adam ýogaldy

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA-nyň berýän habaryna görä, Demirgazyk Horasan welaýatynyň gubernatorlygynyň Krizis dolanşyk bölüminiň başlygy Gulamryza Şefik, welaýatda aşa ýagan ýagyşlardan soň emele gelen sil apaty barada beýannama berdi.
Gulamryza Şefik takmynan 20 minut dowam eden aşa ýagyşlardan soň emele gelen sil apatyndan soň başladylan gözleg we halas ediş işlerinde, 2 adamyň jesediniň tapylandygyny, 18 ulagyň bolsa siliň suwuna tutulandygyny habar berdi.
Şirwan şäheriniň Golýan obasynda hem ulagyň içindäki 2 adamyň sil suwuna tutulyp ýogalandygyny aýdan Gulamryza Şefik, narynç kategoriýa boýunça duýduryş berilen sil apaty sebäpli Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň we degişli guramadyr-edaralaryň işe girişendigini mälim etdi.
Degişli Habarlar

Aliýew Bilen Paşinýan Ispaniýada Duşuşar
Aliýew bilen Paşinýanyň 5-nji oktýabrda Ispaniýanyň Granada şäherinde duşuşmagyna garaşylýar.