Ilon Maskyň beýni çip taslamasyna adamlarda synag geçirilmegi üçin ygtyýar berildi
Ozal maýmynlarda synag geçirilen çipleriň, beýnidäki signallary üstünlik bilen teswirläp enjamlara geçirendigi mälim edildi

Amerikaly işewür adam Ilon Maskyň eýe bolan Neuralink kärhanasy, beýni çip taslamasynyň adamlaryň üstünde synaglaryň geçirilmäge başlanmagy üçin ABŞ-nyň Azyk we derman senagaty edarasy (FDA) tarapyndan ygtyýar berildi.
BBC tarapyndan berilen habara görä, Neuralink kärhanasynyň sosial media hasabyndan beren beýanatda, beýni çip taslamasynyň FDA tarapyndan ygtyýar berilmeginiň günleriň birinde adamlara ýardam etjek möhüm bir ädim hökmünde häsýetlendirdi.
Beýanatda Neuralink kärhanasynyň FDA bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi saýasynda ygtyýar alandygy, synag tapgyry bilen bagly ýüz tutmalar üçin gerek bolan maglumatlaryň beriljekdigi aýan edildi.
Neuralink kärhanasy ady agzalan taslama bilen beýnä ýerleşdiriljek mikroçipleriň üsti bilen ysmaz we körlük ýaly newrologiki biynjalyklary bejergi etmekden we maýyp bolan adamlaryň ýaşaýyş-durmuş standartlaryny artdyrmagy maksat edinýär.
Ozal maýmynlarda synag geçirilen çipleriň, beýnidäki signallary üstünlik bilen teswirläp enjamlara geçirendigi mälim edilipdi.
Degişli Habarlar

Daşary Işler Ministri Fidan Nýu-Ýorkda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Borrel bilen Fidan Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy