Günorta Afrikada holera sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Günorta Afrika Respublikasynyň dolanşyk paýtagty Pretoriýa şäheriniň golaýynda başdan geçirilýän holera (Mergi) epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 20 adama ýetdi

1991114
Günorta Afrikada holera sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Gauteng ştatynyň Saglygy goraýyş departamentinden berilen beýanatda, soňky günlerde Pretoriýa şäheriniň demirgazygyndaky Hammanskraal sebitinde hasaba alynan epidemiýada, häzirki wagta çenli testleri položitel çykan 29 adamyň 20-siniň ýogalandygy habar berildi. 

Beýanatda Hammanskraal sebitinde holera alamatlary bolan 179 adamyň bolsa bejergileriniň dowam edýändigi mälim edildi. 

Hökümet tarapyndan berilen beýanatda sebitdäki ähli suw çeşmeleriniň barlagdan geçirilendigi, emma häzirki wagta çenli suw çeşmeleriniň hiç birinde holera gabat gelinmändigi aýan edildi. 

Milli Ýokanç keseller institutyndan berilen beýanatda, holeranyň iň tapawutly alamatynyň içgeçmedigi, ähli içgeçme hadysalarynyň holera şübhesi bile bejergi edilmeginiň gerekdigi habar berildi. 

"Wibrio" bakteriýalarynyň sebäp bolýan we iýmit we suw arkaly ýokýan holera keseli bedende agyr içgeçmä we suwsuzlyga sebäp bolýar.

Kesel bejergi edilmedik halatynda ölüme sebäp bolup bilýär. 



Degişli Habarlar