ABŞ Russiýa we Belarussiýa reaksiýa bildirdi
ABŞ Russiýanyň we Belarussiýanyň arasynda taktiki ýadro ýaraglarynyň Belarussiýa ornaşdyrylmagy hakyndaky ylalaşyga reaksiýa bildirdi

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Karin Žan-Pýer gündelik metbugat ýygnagynda Russiýa bilen Belarussiýanyň arasynda ýadro ýaraglaryň Belarussiýa ornaşdyrylmagyny resmileşdirmek maksady bilen gol çekilen ylalaşyk şertnamasynyň, özleriniň ýadro çemeleşmesine täsir ýetrjek ýagdaý däldigini habar berdi.
Russiýanyň ýadro ýarag ulanmaga taýarlyk görýändigi bilen bagly alamatyň bolmandygyny aýdan Karin Žan-Pýer, Russiýanyň şol ädimini jogapkärçiliksiz we öjükdirji ýollar saýlamagyň ýene-de bir mysaly hökmünde häsýetlendirdi.
Karin Žan-Pýer NATO alýansynyň köpçülikleýin goranyşa ygrarlydygyny nygtap geçdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Mett Miller hem, Belarussiýanyň Russiýa bilen taktiki ýadro ýarag bilen baglanşykly ylalaşyk şertnamasyna gol çekmegini ýazgaryp: "Bu Russiýanyň bir ýyldan gowrak wagt ozal Ukraina garşy başladan giňişleýin basyp alyşlygynda hasaba alan jogapkärçiliksiz hereketleriň ahyrkysydyr" diýip belledi.
Mett Miller Russiýanyň Ukraina garşy söweşinde biologiki, himiki ýa-da ýadro ýaraglaryny ulanmagyň netijesiniň agyr boljakdygyny ozal hem nygtap geçendiklerini mälim etdi.
Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen Belarussiýanyň Goranmak ministri Wiktor Hrenin düýn Belarussiýada taktiki ýadro ýaraglaryň ýerleşdirilmegi bilen baglanşykly ylalaşyk şertnamasyna gol çekipdiler.
Degişli Habarlar

Hindistanda Bolan Otly Heläkçiliginde 288 Adam Ýogaldy
Düýn ýerli wagt bilen 19.20-de iki ýolagçy we bir ýük otlusy kakyşdy.

NATO-nyň Baş sekretary Türkiyä sapar gurar
NATO tarapyndan berilen beýanata görä, Ýens Stoltenberg 3-4-nji iýun aralygynda Ankara sapar gurar