“Ukrainanyň Harby Goşuny Dünýäniň Iň Güýçli Goşunlaryndan Biri”

Rus howpsuzlyk girmasy Wangeriň gurujusy Ýewgeniz Prigožin, Ukrainanyň harby goşunynyň dünýäniň iň güýçli goşunlaryndan biridigini aýtdy.

1990414
“Ukrainanyň Harby Goşuny Dünýäniň Iň Güýçli Goşunlaryndan Biri”

Pirogožin Telegram kanalyna beren interwýusynda Ukrainanyň Bakmut şäherinin Wagner söweşijileri tarapyndan gözegçilik astyna alynandygyny, 1-nji iýuna çenli şäheri rus harby güýçleriniň gözegçiligine berjekdiklerini beýan etdi.

Ukrainanyň basylyp balynmagny tankyt eden Prigožin, neo-nasisit gözlemek üçin Ukraina gödeklik bilen harby ýollardan girilendigini aýtdy. Rus goşunlarynyň Kiýewden we Hersondan yza çekilendigini beýan eden Prigožin, Krasniw portda we İzýumda üstünlik gazanylmandygyna ünsi çekdi.

Prigožin; “Söweş Ukrainanyň nazizmden we militarizmden saplamak üçin dowam edýär. Emma biz ukrainalylary dünýäde meşhur milletlerin hataryna goşduk. Ukraina bütin dünýäde tanalýan ýurt boldy. Militarizmden saplanmak meselesine gelenimizde, egerde Ukrainanyň elinde 500 bar diýenimizde, häzirki wagtda ellerinde 5 müň tank bar. 20 müň adam söweşmegi bilýärdi, indi 400 müň adam söweşmegi bilýär. Biz militarizmden nähili saplandyrdyk? Tersi boldy” diýdi.

Prigožin; “Ukrainanyň goşunlary iň güýçli goşunlardan biri. Olaryň ýokary guramaçylyk ukyby, taýýarlygy, howpsuzlygy, iňňän tapawutly ýaraglary bar” diýdi.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Prezindenti Wladimir Putin Ukrainany basyp almak üçin buýruk beripdil, şeýlelikde Russiýa-Ukraina söweşi başlapdy.

Putin Kiýewiň NATO agzalygynyň öňüni almak üçin we ony Russiýanyň hinterlandynda saklamak niýeti bilen ýurdunyň esgersizleşdirilmegini we nazizmden saplanmagyny maksat edinýändigini beýan edipdi.

 

 



Degişli Habarlar