Eýran: "Ýewropa gaz eksporty Türkiyäniň üstaşyr bolar" diýdi
Eýran Ýewropa tebigy gaz eksport edilen halatynda onuň Türkiyäniň üstaşyr boljakdygyny habar berdi
1990753

Eýranyň Milli tebigy gaz kärhanasynyň baş direktory Mejid Çegeni, Eýranyň Zähmetkeşler habarlar agentligine (ILNA) beren beýanatynda, ýurdunyň tebigy gaz eksportynyň geljegi bilen baglanşykly çemeleşmesi barada maglumat berdi.
Mejid Çegeni: "Eger Ýewropa tebigy gaz eksport etmek islesek, ol Türkiyäniň üstaşyr bolar" diýip mälim etdi.
Pakistanyň, Owganystanyň we Omanyň hem Eýrandan tebigy gaz almakisleýändigini aýdan Çegeni, gepleşikleriň güntertipdedigini, emma şol ýurtlaryň käbirleri bilen ylalaşyk şertnamasyna gol çekmek üçin gerek bolan infrastrukturanyň taýar däldigini habar berdi.
Degişli Habarlar

NATO-nyň Baş sekretary Türkiyä sapar gurar
NATO tarapyndan berilen beýanata görä, Ýens Stoltenberg 3-4-nji iýun aralygynda Ankara sapar gurar