Salwadorda stadionda bolan wakada ýogalan adamlaryň sany artdy

Salwadorda stadionlaryň birinde bolan dyknyşykda 12 adam ýogaldy

1989056
Salwadorda stadionda bolan wakada ýogalan adamlaryň sany artdy

Salwadoryň futbol ligasynyň play-off çärýek finalynda Alianza bilen FAS toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda tribunada başdan geçirilen dyknyşykda 12 adam ýogaldy, ýüzlerçe adam hem ýaralandy. 

Alianza toparynyň ýer eýeçilik etmeginde Kuskatlan stadionynda bolan duşuşykda başdan geçirilen dyknyşyk, köp sanda janköýeriň galp biletler bilen stadiona girmegi we biletleri bolmagyna garamazdan futbol duşuşygyna girip bilmedik janköýerleriň stadionyň barrikadalaryny geçip, içine girmeklerine sebäp bolandygy habar berildi. 

Howpsuzlyk sebäpli gapylaryň ýapylmagy bolsa heläkçiligiň başdan geçirilmegine sebäp boldy. 

Wakadan soň 0-0 hasap bilen dowam eden Alianza-FAS duşuşygy doly tamamlanmadan bes edildi. 

Ýaralanan adamlar golaýdaky hassahanalara alynyp gidildi. 


Etiketkalar: #stadion , #futbol , #Salwador

Degişli Habarlar