Somalide Sil Apaty Sebäpli 5 Adam Ýogaldy

Somalide aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil apaty gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.

1987717
Somalide Sil Apaty Sebäpli 5 Adam Ýogaldy

 

Somalide aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil apaty sebäpli 3-i çaga 5 adam ýogaldy, 219 müň adam hem öýüni terk etdi.

BMG tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Somalide aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil apaty gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär.

Beýannamada, Beledweýne şäherinde sil apaty sebäpli 219 müň adamüň öýünini terk edendigi nygtaldy.

Beýannamada, sil apatynyň 460 müň adama ýaramaz täsirini ýetirendigi, hassahana we hökümet binasy bilen birlikde birnäçe bina zeper ýetendigi ýatladyldy.

Somali tarapyndan berlen beýannamada hem sil sebäpli 3-i çaga 5 adamyň ýogalandygy bellenildi.

Sil apaty sebäpli holera ýaly käbir ýokanç keselleriň artmagyna alada bildirilýär.

Goňşy ýurt Efiopiýada hem 12-nji maýdan bäri sil sebäpli 45 adam ýogaldy.


Etiketkalar: #Efiopiýa , #sil apaty , #Somali

Degişli Habarlar