Islandiýada Ýewropa Geňeşiniň sammiti geçirildi

Ýewropa Geňeşiniň IV sammitinde Russiýanyň Ukrainadaky harby jenaýatlaryň jogapkäri hökmünde garalmagynyň gerekdigi bellenip, onuň ilkinji ädimi boljak bir mehanizmiň döredilmegi barada karara gelindi

1987943
Islandiýada Ýewropa Geňeşiniň sammiti geçirildi

Islandiýanyň paýtagty Reýkýawik şäherinde geçirilen Ýewropa Geňeşiniň IV sammitiniň ahyrynda, agza 46 ýurduň wekili bilen birlikde Kanada, Ýaponiýa, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi umumy jarnama gol çekdiler. 

Jarnama görä Russiýanyň Ukrainada ýetiren zyýanynyň öweziniň dolmagyny üpjün etjek we şol ugurda ilkinji ädim boljak "Zyýanlary hasaba alyş" mehanizmi döredildi. 

Mehanizm söweşiň başlan güni bolan 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri dowam edýän hüjümleriň zyýan ýetiren adamlar bilen Ukrainanyň döwletinde ýetirilen zyýanlar we ýitgiler bilen baglanşykly subutnamalary we öňe sürmeleri bellige alar. 

Liderler mehanizmiň talap komissiýasy we öwezini doluş gaznasyny öz içine aljak ýagdaýda giňeldilmegi üçin işleriň geçirilmegi babatynda ylalaşyk gazandylar. 

Harby jenaýatlar üçin ýörite bir kazyýetiň döredilmegi bilen bagly başlangyçlara hoşallyk bildiren liderler, Russiýa çagalar başda bolmak bilen zor bilen ýerlerinden göçürilen asuda ilatyň iň tiz wagtda azat edilmegi barada çagyryş berdiler. 



Degişli Habarlar