Gara Deňiz Galla Geçelgesi Ylalaşygynyň Möhledi 18-nji Iýula Çenli Uzadyldy

Russiýanyň we Ukrainanyň ýolbaşçylary, ylalaşygynyň möhlediniň 18-nji iýula çenli uzadylandygyny tassyklady.

1987903
Gara Deňiz Galla Geçelgesi Ylalaşygynyň Möhledi 18-nji Iýula Çenli Uzadyldy

Russiýanyň we Ukrainanyň ýolbaşçylary, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň 18-nji iýula çenli uzadylandygyny tassyklady.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa, paýtagt Moskwada beren beýannamasynda, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygy hakynda durup geçdi.

Prezident R. T. Erdoganyň ylalaşygyň 2 aý uzadylandygy hakyndaky beýannamasyna ünsi çeken Zaharowa, “Bu meselede berlen beýannamalary tassyklaýarys. Azyk üpjünçiligi we azyk howpsuzlygy taýdan uly mümkinçilik döredildi” diýdi.

Ukrainanyň Infrastruktura ministri Oleksand Kubrakow hem sosial mediadan beren habarnamasynda, galla ylalaşygynyň möhlediniň 18-nji iýula çenli uzadylandygyny nygtap, “BMG-nyň we türk hyzmatdaşlarymyzyň azyk howpsuzlygy üçin eden tagallasyna minnetdarlyk bildirýäris” diýdi.

Kubrakow, ylalaşygyň doly ýerine ýetirilmegi üçin käbir bökdençlikleriň ortadan aýrylmalydygyny belledi.

Prezident Erdogan düýn Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň ýene-de 2 aý uzadylandygyny mälim edipdi.



Degişli Habarlar