Wladimir Zelenskiý Fransiýada Saparda Boldy

Iki lider Ukraina-Russiýa söweşini ýazgardy

1986792
Wladimir Zelenskiý Fransiýada Saparda Boldy

 

 

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Fransiýanyň paýtagty Parižde duşuşdy.

Makron bilen Zelenskiýniň 3 sagada golaý dowam eden duşuşygyndan soň berlen ýazmaça beýannamada, iki lideriň Ukraina-Russiýa söweşini ýazgarandygy nygtaldy.

Beýannamda, Russiýanyň Ukrainadan gyssagly we şertsiz esgerlerini yzyna çekmelidigi bellenildi.

Beýannamada, Fransiýanyň Ukrainanyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlygyna we bitewiligine goldaw berýändigi ýatladyldy.

Beýannamada şeýle hem Fransiýanyň Ukraina syýasy, maliýe we harby taýdan goldaw bermäge dowam etjekdigi bellenildi.

Ukraina bilen Fransiýanyň Russiýa garşy täze sanksiýalaryň goýulmagy üçin çagyryş berendigi, Fransiýanyň Ukrainanyň Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň dowam etdirilmegi üçin edýän tagallasynyň ähmiýetine ünsi çekendigi nygtaldy.



Degişli Habarlar