Tunisde Sinagoga Guralan Hüjümde 3 Adam Ýogaldy

Hüjümde 9 adam hem ýaralandy.

1984569
Tunisde Sinagoga Guralan Hüjümde 3 Adam Ýogaldy

 

Tunisiň Jerbe adasynda ýerleşýän Garibe sinagoguna guralan hüjümde 3 adam ýogaldy, 9 adam ýaralandy.

Tunusiň İçeri işler ministrligi, Jerbe adasynda guralan hüjüm hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Beýannamada, hüjümiň howpsuzlyk gullukçysy tarapyndan guralandygy nygtaldy.

ýannamada, hüjümde 2-si sinagoga gelen, 1-i polisiýa gullukçysy 3 adamyň ýogalandygy, 5-i polisiýa gullukçysy 9 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada polisiýa gullukçylary bilen çaknyşan hüjümçiniň öldürlendigi, wakada ýaralanan 9 adamyň golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alynandygy bellenildi.


Etiketkalar: #hüjüm , #sinagog , #Tunis

Degişli Habarlar