Russiýada Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawoda Hüjüm Guraldy

“Ilkinji kesgitlemelere görä wakada adam pidasy çekilmedi"

1982594
Russiýada Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawoda Hüjüm Guraldy

 

Russiýanyň Krasnodar sebitinde nebiti gaýtadan işleýän zawoda uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guraldy.

TASS habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Krasnodar sebitiniň ılskiý obasynda nebiti gaýtadan işleýän zawoda uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guraldy.

Hüjüm sebäpli nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýangyn boldy.

Krasnodaryň gubernatory Kondratýew, sosial mediadan beren habarnamasynda “Ilkinji kesgitlemelere görä wakada adam pidasy çekilmedi. Obanyň ýaşaýjylaryna hem hiç hili howp abanmaýar”diýdi.


Etiketkalar: #ýangyn , #nebit , #Russiýa

Degişli Habarlar