Kosowalylar, ÝB-ne Agza Ýurtlara Wizasyz Syýahat Eder

Günbatar Balkan ýurtlarynyň ählisi, ÝB-ne agza ýurtlara wizasyz syýahat zolagy Şengene degişli edildi.

1976584
Kosowalylar, ÝB-ne Agza Ýurtlara Wizasyz Syýahat Eder

 

Ýewropa Parlamenti, Kosowanyň raýatlary üçin ÝB-ne agza ýurtlarda wizasyz syýahat mümkinçiliginiň döredilmegi baradaky karary tassyklady.

Ýewropa Parlamentiniň Baş Assambleýasynda geçirlen sese goýulşykdan soň berlen ýazmaça beýannamada “Kosowanyň raýatlarynyň 180 günlük möhletde 90 güne çenli wizasyz ÝB-ne agza ýurtlara we ÝB-ne agza ýurtlaryň raýatlarynyň hem Kosowa syýahat etmeklerine rugsat berler” diýildi.

Şeýlelikde Günbatar Balkan ýurtlarynyň ählisi, ÝB-ne agza ýurtlara wizasyz syýahat zolagy Şengene degişli edildi.

Karar resmi gazetde çap edilenden soň güýje girer.

Kosowa, 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ÝB-ne agzalyk üçin resmi taýdan ýüz tutupdy.



Degişli Habarlar