Çehiýada we Çilide hökümete garşy protestler geçirildi

Çilide geçen ýyl jenaýat görkezijileri 2021-nji ýyla garanyňda 44 göterim artdy

1975737
Çehiýada we Çilide hökümete garşy protestler geçirildi

Çehiýanyň paýtagty Praga şäherinde hökümete garşy protest geçirildi. 

Müňlerçe adam ýurtda gymmatlan elektrik toklaryň bahasyny we ýaşaýyş durmuşyň gymmatlygyny protest etdi. Protestde ýurduň Premýer ministri Petr Fialanyň meseläniň jogapkäridigi we wezipesinden çekilmelidigi bellendi. 

Çilide nobatçylykda öldürilen polisiýa işgäri üçin ýöriş geçirildi.

Demonstrantlar ýurtda artan jenaýatlar üçin ülkäniň Prezidenti Gabriel Boriçiň wezipesinden çekilmegini isläp ýazygyly şygarlar göterdiler. 

Ýurtda geçen ýyl jenaýat görkezijileri 2021-nji ýyla garanyňda 44 göterim artdy. 

Bir aýdan gysga wagtyň içinde Polisiýa gullugynyň 3 işgäri öldürildi. 

Hökümet polisiýa jenaýatlaryna garşy çäreler görmäge başlady. 

Şol çäkde nobatdaky polisiýa işgärleriniň howpsuzlyklarynyň üpjün edilmegi üçin goşmaça 1,5 milliard dollar pul bölünip aýrylar. 

Jenaýat görkezijileriniň ýokary bolan sebitlerde howpszulyk güýçleriniň işleri artdyrylar. 



Degişli Habarlar