BAE-de bolan ýangynda 16 adam ýogaldy

Ady agzalan ýangynda ýogalan adamlaryň haýsy ýurduň raýatlarydygy barada bolsa maglumat berilmedi

1975557
BAE-de bolan ýangynda 16 adam ýogaldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Dubaý şäherindäki binalaryň birinde bolan ýangynda 16 adam ýogaldy, 9 adam ýaralandy. 

Ýangyn düýn şenbe güni günortan şäheriň Al-Ras etrapçasyndaky binalaryň biriniň 4-nji gatynda boldy. 

Geçirilen derňew işleriniň çäginde binada howpsuzlyk çäreleriniň görülmändigi anyklandy. 

BAE-niň 7 emirliginiň biri bolan Dubaý, 90 göterimi daşary ýurtlylardan ybarat bolan 3,3 million ilata eýedir. 

Ady agzalan ýangynda ýogalan adamlaryň haýsy ýurduň raýatlarydygy barada bolsa maglumat berilmedi.  


Etiketkalar: #bina , #ýangyn , #Dubaý , #BAE

Degişli Habarlar