Kuweýtde Täze Hökümet Guruldy
Şyh Ahmed Newwaf al Ahmed As Sabahyň ýolbaşçylygynda 14 ministrden ybarat täze hökümet guruldy.
Kuweýtde Şyh Ahmed Newwaf al Ahmed As Sabahyň ýolbaşçylygynda täze hökümet guruldy.
Kuweýdiň resmi “KUNA” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Şyh Ahmed Newwaf al Ahmed As Sabahyň ýolbaşçylygynda 14 ministrden ybarat täze hökümet guruldy.
Kuweýdiň Emiri Şyh Newaf al Ahmed al Jabir as Sabah, 5-nji martda Şyh Ahmedi ýaňadandan Premýer-ministr hökmünde belläpdi.
Mejlisiň başlygy Merzuk al Ganim, 5-nji aprelde Kuweýdiň Emiri we Mirasdar Şazada Meşal al Ahmed al Jabir as Sabaha, Premýer-ministri Şyh Ahmed bilen krizisiň çözülmegi üçin gyssagly işe girişmegi barada görkezme beripdi.
Ganim, “ Premýer-ministre kasam etmegi we hökümetiň tassyklanmagy üçin parlamentiň oturluşygyna gatnaşmak islemeýän bolsa wezipesini başga birine tabşyrmagy üçin çagyryş beripdi.
Degişli Habarlar
Bangladeş Hindistandaky konsullygyna guralan hüjümi ýazgarýar
Bangladeşiň Daşary işler ministri, güňäkärleriň hasabat bermegini isledi.