ABŞ-ne degişli suwasty gämi Ýakyn Gündogar sebitine ornaşdyryldy

ABŞ gönükdirilen raketalary daşaýan ýadro suwasty gämisini Ýakyn Gündogara ýerleşdirendigini habar berdi

1972491
ABŞ-ne degişli suwasty gämi Ýakyn Gündogar sebitine ornaşdyryldy

5-nji flotyň serkerdesi maýor Tim Hawkins beren beýanatynda, suwasty gäminiň 6-njy aprelde sebite girendigini mälim etdi. 

Tim Hawkisn Geogiýa portyna degişli USS Florida atly gönükdirilen raketalary daşaýan ýadro suwasty gämisiniň 7-nji aprelde Sues kanalyndan geçendigini aýan etdi. 

Suwasty gäminiň 154 sany Tomahawk gönükdirilen raketalary daşamak mümkinçiliginiň bardygyny aýdan Tim Hawkins, onuň 5-nji flota deňiziň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmegine goldaw bermek maksady bilen amala aşyrylandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar