Germaniýada Kowid-19 epidemiýasynyň gutarandygy yglan edildi

Germaniýanyň Saglygy goraýyş ministri Karl Lauterbah ýurdunda Kowid-19 epidemiýasynyň soňlanandygyny mälim etdi

1970791
Germaniýada Kowid-19 epidemiýasynyň gutarandygy yglan edildi

Germaniýanyň Saglygy goraýyş ministri Karl Lauterbah beren beýanatynda, Kowid-19 görnüşleriniň, sanjymlaryň we häzirki wagtda dowam edýän kliniki wakalaryň ýagdaýyna ser salynanda epidemiýanyň gutarandygyny habar berdi. 

Germaniýanyň Kowid-19 epidemiýasynyň hötdesinden üstünlikli ýagdaýda gelendigini aýdan Karl Lauterbah, wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin görülen çäreleriň ýerliklidigini mälim etdi. 

Germaniýada 7-nji aprelde maska dakmak mejburlygy dolulygyna ortadan aýyrlar. 



Degişli Habarlar