Ýaponiýa, NATO-nyň Ýanynda Hemişelik Welilhana Açar

Ýaponiýa NATO-nyň ýanynda hemişelik wekilhana açmak barada karar kabul etdi

1970285
Ýaponiýa, NATO-nyň Ýanynda Hemişelik Welilhana Açar

 

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Ýaponiýanyň NATO-nyň ýanynda hemişelik wekilhana açmak barada karar kabul edendigini habar berdi.

Stoltenberg bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Haýasi Ýosimasa, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilýän NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň birinji oturlyşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Ýaponiýanyň Russiýanyň Ukrainada başlan söweşini ýazgarmagyna we NATO-nyň Ukraina berýän maliýe kömegine goldaw bermegine kanagatlanma bildiren Stoltenberg, “Ýaponiýadaky, Günorta Koreýadaky, Täze Zelandiýadaky we Awstraliýadaky hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyzyň depgini güýçlendirýäris” diýdi.

Ýens Stoltenberg, Ýaponiýanyň NATO-nyň ýanynda hemişelik wekilhana açmak baradaky karary dogrusynda öwgüli özler aýtdy.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Haýasi hem güýç bilen status-kony üýtgetmegiň we ýadro güýç ulanylmagynyň kabul edilmesizidigini nygtady.

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar