Russiýa Ukrainanyň guran hüjümi barada beýanat berdi

Russiýada Kursk sebitiniň gubernatory Roman Starawoýt, Ukrainanyň goşunynyň sebite guran hüjüminde 7 adamyň ýaralanandygyny habar berdi

1968808
Russiýa Ukrainanyň guran hüjümi barada beýanat berdi

Kursk sebitiniň gubernatory Roman Starawoýt, Telegram hasabyndan beren beýanatynda Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Kursk sebitine minomýotlar bilen hüjüm gurandygyny mälim etdi. 

Hüjümde sebitdäki Nikolaýew-Darýin obasynda 3-si çaga jemi 7 adamyň ýaralanandygyny aýdan Roman Starawoýt, ýaralanan adamlara saglyk kömeginiň berilendigini aýan etdi. 

Roman Starawoýt hüjümleriň netijesinde käbir ýaşaýyş zolaklarynda elektrik toklaryň kesilendigini beýan etdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Kursk , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar