Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyede saparda bolar
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 6-7-nji aprel aralygynda Türkiyede saparda boljakdygy habar berildi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa, paýtagt Moskwa şäherinde hepdelik metbugat ýygnagynda ministr Sergeý Lawrowyň öňümizde hepdedäki programmasy barada maglumat berdi.
Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň çakylygyna laýyklykda Sergeý Lawrowyň 6-7-nji aprel aralygynda Türkiyä sapar gurajakdygyny aýdan Zaharowa: "Saparyň çäginde başda söwda, energetika we syýahatçylyk ugurlary bilen ikitaraplaýyn bähbit esasyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we tamalar başda bolmak bilen biri-birinden tapawutly ugurlar boýunça pikir alyşylmagy meýilleşdirilýär" diýip habar berdi.
Duşuşykda halkara derejedäki gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň ele alynjakdygyny aýdan Zaharowa, Ukraina, Siriýa, Garabag meseleleri bilen birlikde Orta Aziýa we Owganystan bilen baglanşykly ugurlaryň maslahatlaşyljakdygyny mälim etdi.
Degişli Habarlar

Kerkukda Ebola Wirusy Sebäpli 1 Adam Ýogaldy
Wirus sebäpli 1 adamyň ýogalandygy, 1-i agyr 2 adamyň bejergisiniň dowam edýändigi bellenildi.