Galla Geçelgesinden 25 Million Tonna Galla Daşaldy
19-njy martdan bäri şu günki güne çenli 31 gämi bilen 1 million 215 müň 354 tonna galla daşaldy

Gara deňiz galla geçelgesi arkaly häzire çenli jemi 25 million tonna galla daşaldy.
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, galla geçelgesi arkaly 19-njy martdan bäri şu günki güne çenli 31 gämi bilen 1 million 215 müň 354 tonna galla daşaldy.
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlan Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli başdan geçirilýän azyk ýetmezçiliginiň ortadan aýrylmagy maksady bilen iýul aýynda Türkiýäniň tagallasy netijesinde galla geçelgesi ylalaşygyna gol çekişilipdi.
Şol günden bäri galla geçelgesi arkaly 25 million tonna galla daşaldy.
Şu günki güne çenli Ukrainanyň portlaryndan 851 gämi galla daşady.
Gallanyň 40 göterimi Ýewropa, 30 göterimi Aziýa, 13 göterimi Türkiýä, 12 göterimi Afrika we 5 göterimi hem Ýakyn Gündogar ýurtlaryna daşaldy.